ÝB-niň ilatynyň sany 2022-nji ýylda iki ýylyň içinde ilkinji gezek köpeldi

  • 03.08.2023 14:36
  • 5.7k+

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ilatynyň sany 2022-nji ýylda COVID-19 pandemiýasy sebäpli azalmadan soň iki ýylyň içinde ilkinji gezek köpeldi. Bu barada ÝB-niň Statistika edarasynyň materialynda aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.

2022-nji ýylyň jemi boýunça ÝB-de ilat bir ýyl ozalky 446,7 mln adam bilen deňeşdirilende, 448,4 mln adam boldy. Geçen iki ýylda otrisatel dinamika hasaba alnypdy: 2020-nji ýylda ilat, takmynan, 500 müň adam, 2021-nji ýylda tas 300 müň adam azaldy.
ÝB-niň ilat sany 1960-njy ýyldan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary aralygynda 26% ýokarlanyp, 354,5 mln adamdan 448,4 mln adama ýetdi.
Soňky onýyllykda köpeliş depgini kem-kemden haýallaýar: ýagny, 2005-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda köpeliş absolýut aňlatmada 1960-njy ýyllardaky ýylda ortaça, takmynan, 3 mln adam görkezijisi bilen deňeşdirilende, ýylda, takmynan, 0,8 mln adam boldy.
ÝB-niň umumy ilatynyň tas ýarysy (47%) üç ýurtda – Germaniýada, Fransiýada we Italiýada ýaşaýar.
Sebit boýunça umumy görkezijiniň ýokarlanýandygyna garamazdan, 2022-nji ýylda oňyn tendensiýa ÝB-niň ähli agza döwletlerinde bolmady. Bellenilen döwürde ýedi ýurtda ilat sany azaldy: iň ýokary derejede – Italiýada (179 419 adam), iň pes derejede – Slowakiýada (5 920 adam).
Galan 20 döwletde köpeliş hasaba alyndy: iň ýokary ösüş Germaniýada (+1,12 mln adam), iň pes ösüş – Latwiýada (+7 251 adam).


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....