Alfa Romeo täze sportkarynyň suratlaryny paýlaşdy

  • 03.08.2023 14:13
  • 9k+

«Alfa Romeo» italýan kompaniýasy 30-njy awgustda täze sport awtoulagyny tanyşdyrar. Bu barada motor1.com habar berýär.

Kompaniýa täze ulagyň suratyny paýlaşdy. Suratda ulagyň dolandyryş rulunyň bir bölegi görünýär. Täze ulagyň kysymy heniz mälim edilmedi, emma onuň «6C» diýlip atlandyrylyp bilinjekdigi bellenilýär. Ol kuwwaty 800 at güýjüne deň bolan hereketlendiriji bilen üpjün ediler.
Bu ulagdan bary-ýogy 33 nusga öndüriler. Şonuň bilen birlikde, olaryň ählisi eýýäm geljekki eýeleri tarapyndan satyn alyndy. «Alfa Romeo» kompaniýasynyň täze ulagynyň bahasynyň 1 mln dollara deň boljakdygy bellenilýär. Bu baha onuň çak edilýän bäsdeşi «Maserati MC20» ulagynyňkydan 5 esse gymmatdyr.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....