Ispaniýada biziň eramyzyň II asyryna degişli Gadymy Rim mozaikasy tapyldy

  • 03.08.2023 14:11
  • 9.8k+

Merida şäherinde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýan ispan arheologlar topary Antik döwre degişli Gadymy Rim mozaikasyny tapdylar. Örän gowy saklanyp galan mozaika trikliniýniň, ýagny dabaralar zalynyň poluny bezäpdir.

Dürli reňkler bilen ýerine ýetirilen mozaikanyň meýdany 30 inedördül metre deňdir. Onuň merkezinde grek mifologiýasyndaky Gorgona Meduzanyň kellesi şekillendirilipdir, şekiliň töweregi bolsa geometrik çyzyklar, ösümlikleriň, guşlaryň we haýwanlaryň keşpleri bilen bezelipdir. Alymlar bu eseriň b.e. II asyryna degişlidigini belleýärler.
Antik döwürde Merida şäheri Rimiň b.e. öňki 25-nji ýylda Oktawian Awgust tarapyndan esaslandyrylan Awgusta Emerita koloniýasynyň çäklerine girýärdi. Soňlugy bilen bu şäher Luzitaniýa welaýatynyň paýtagty boldy. Bu ýerde ýerleşýän gadymy şäheriň galyndylary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.


27.02.2026 20:58
3k+

Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir

"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär...

25.02.2026 06:38
4.9k+

Alymlar öň näbelli bolan ýaşaýyş formasyny – gadymy Prototaxites organizmini açdylar

Kanadanyň Gaspe aýlagynyň kenaryndan tapylan sekiz metr uzynlykdaky ägirt uly gurluşlaryň ylma mälim bolmadyk, ýitip giden düýbünden başga bir ýaşaýyş formasydygy anyklandy. Bu barada Science žurnaly habar berýär...

24.02.2026 18:28
5.8k+

250 million ýyllyk deňiz amfibiýasynyň galyndylary mezozoý eýýamynyň ýyrtyjylary baradaky syrlary açdy

Alymlar mundan 60 ýyl ozal Awstraliýanyň demirgazyk-günbatar sebitinden tapylan we takmynan 250 million ýyl ozal ýaşap geçen deňiz amfibiýalarynyň galyndylaryny gaýtadan öwrendiler. Bu tapyndylar uzak wagtlap muzeý kolleksiýalarynda saklanyp, öwrenilmän galypdy...

18.02.2026 09:57
6.1k+

Wýetnamda 2000 ýyl ozal dişleri garaltmak däbi bolupdyr: bu geň däbiň syry açyklandy

Dişleri garaltmaklyk — Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa halklarynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän özboluşly däpdir. Bu däp adamlar üçin "özüňkini" "ýatdan" tapawutlandyrmak, adamlary jyn-şeýtanlardan, medeniýetli halky bolsa "wagşylardan" saýhallamak ýaly birnäçe möhüm wezipäni ýerine ýetiripdir...