Türkmenistanda Ýaşlar baýragyna hödürlemek üçin resminamalar kabul edilip başlandy

  • 02.08.2023 12:19
  • 9.8k+

Türkmenistanda Ýaşlar baýragyna hödürlemek boýunça resminamalar kabul edilip başlandy. Bu baradaky degişli bildiriş «Nesil» gazetinde neşir edildi.

Bellenilişi ýaly, baýraga döredijilik we zähmet işinde üstünlikleri gazanan, ýokary guramaçylyk ukybyna we kärdeşleriniň, deň-duşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanýan 16 – 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar dalaş edip biler.
Ýaşlar baýragy jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýylda bir gezek berilýär. Bu baýraga hödürlenýän ýaşlaryň resminamalary şu ýylyň 15-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

  • — 3x4 ölçegli 6 sany surat, maglumatnama, we pasportynyň nusgasy;
  • — Eýe bolan diplomlary, hormat hatlary, resmi metbuagatda çap bolan işleriniň asyl nusgalary we telewideniýede eden çykyşlarynyň ýazgylary;
  • — Iş ýa-daokaýan ýerinden, hödürlenýän jemgyýetçilik guramasyndan häsiýetnama;
  • — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna agzalyk şahadatnamasy.

Ýaşlar baýragyna hödürlenen dalaşgärleriň resminamalary Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan öwreniler. Onda ýeňiji bolanlar resmi metbugatda çap edilip, guramanyň degişli şahadatnamasy we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanar. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen 2021-nji ýylda 60 adam, geçen ýyl hem 75 adam sylaglanypdy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
44-88-79, 44-88-85.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......