Gazprom Hytaýa iberilýän gazyň möçberi boýunça täze rekord goýdy

  • 02.08.2023 11:25
  • 9.2k+

Gazprom 31-nji iýulda Hytaýyň “Sila Sibiri” turbageçirijisi arkaly Russiýanyň gaz üpjünçiliginiň gündelik şertnamalaýyn borçnamalardan nobatdaky gezek artyk geçendigini we täze rekord goýandygyny habar berdi.

"31-nji iýulda “Sila Sibiri” turbageçirijisi arkaly rus gazy bilen üpjün edilişi gündelik şertnamalaýyn borçnamalardan ýokary boldy. Gazprom talap edilýän möçberiň hemmesini gowşurdy we Hytaýa iberilýän gündelik gazyň möçberi boýunça täze taryhy rekord goýdy" – diýip kompaniýa habar berdi.

Gazprom bu üpjünçiligiň Gazprom bilen CNPC-niň arasynda ikitaraplaýyn uzak möhletli gaz satyn almak we satmak şertnamasynyň çäginde amala aşyrylýandygyny aýtdy.
2022-nji ýylyň ahyrynda Russiýa “Sila Sibiri” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 15,5 milliard kub metr gaz eksport etdi. Şol bir wagtyň özünde, Russiýanyň 2023-nji ýylda “Sila Sibiri” arkaly Hytaýa iberýän gazy 22 milliard kub metr bolar diýip, Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Aleksandr Nowak belledi.


14.01.2026 11:30
3.4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

15.11.2025 09:34
7.4k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...