TäzeToyota Land Cruiser Prado-nyň nähili motorlara eýe boljakdygy mälim boldy

  • 01.08.2023 21:18
  • 34k+

Toyota Land Cruiser Prado wnedorožniginiň täze nesli benzin we dizel hereketlendirijilerini, şeýle hem önümçiligi 371 at güýjüne ýetjek elektrik gurluşyny alar. Bu barada BestCarWeb öz çeşmelerine salgylanyp ýazýar. Täze ulag güýzüň ortalarynda satuwa çykar.  

 

Insaýderleriň maglumatlaryna görä, Prado-nyň esasy wersiýasy, modeliň häzirki wersiýasynda ulanylýan, göwrümi 2,7 litr bolan “dörtlük” bilen üpjün ediler. Oňa alternatiwa bolup eýýäm bize tanyş bolan 2,8 litrlik dört silindrli dizel hereketlendirijisi bolar. Iki hereketlendirijiniň hem öndürijiligi we ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrylar.
Wnedorožnigiň  täze neslinde “Altylyk” bolmaz. Prado-nyň Iň gymmat modifikasiýasy 2,4 litrlik “dörtlük” esasly gibrid gurluşy alar, yzky tigirleriň priwodynyň elektrik hereketlendirijisi bilen üsti ýetiriler. Göz öňünde tutulan girdeji 371 at güýji, içerki ýangyç dwigateli aýratynlykda hödürlener. Elektrik agramy bolmasa, 279 at güýjüni ösdürip biler.

 

 

Hereketlendirijiler Land Cruiser 300 ýaly on däl-de, alty basgançakly “awtomat” bilen dolandyrylar. Adaty içerki ýangyç hereketlendirijileri bolan Prado-nyň wersiýalarynyň hemmesine tigirli ulgam hödürlener.
Land Cruiser Prado täze önümiň ululygyna gabat gelýän “Lexus GX” platformasynda gurlar. 2850 millimetrlik şuňa meňzeş tigir bazasy bilen Toyota wnedorožnigi 50 millimetr gysga bolar - uzynlygy 4,9 metre çenli azaldar (belki dizaýnyň nuanslary sebäplidir). Ýol prosweti 225 millimetr bolar.

 


düýn 09:33
5.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......