Mask Twitterde diňe garaňky režimi goýmagy meýilleşdirýär

  • 31.07.2023 15:25
  • 6.6k+

Ilon Mask ýakyn wagtda Twitter sosial ulgamynda diňe garaňky režimiň elýeterli boljakdygyny aýtdy.

Mask Twitterde: "Bu platforma ýakyn wagtda diňe garaňky režime eýe bolar. Bu haýsy tarapdan alaňda-da has gowudyr" - diýip ýazdy.
The Verge portalynyň belleýşi ýaly, bu karar sosial ulgamy ulanyjylaryň arasynda jedel döretdi, sebäbi köpler üçin platformany ýagty režimde ulanmak has amatly. Gara fonda açyk reňkli teksti okamagyň kyndygyny ýazdylar. Häzirki wagtda Twitter ulanyjylaryň isleglerine baglylykda birnäçe režimi hödürleýär.
Ondan öň, Twitter sosial ulgamy logotipindäki gök guşuň şekilini aýryp, ony gara konturly ak X harpyna üýtgetdi. Mask öz sahypasynda täze logotipiň proýeksiýasy bilen kompaniýanyň baş edarasynyň suratyny ýerleşdirdi. Şeýle hem Mask, x.com domeniniň ulanyjylary awtomatiki usulda Twitter-e gönükdirjekdigini aýtdy. Bu üýtgeşmelerden soň Twitterdäki neşirlere "twitler" däl-de, "iksler" diýler.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
914

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...