NASA-nyň komiteti awgust aýynda näbelli uçýan obýektler barada hasabatyny çap eder

  • 29.07.2023 11:35
  • 23k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwreniş müdirliginiň (NASA) komiteti awgust aýynda UFO (näbelli uçýan obýekt) bilen bagly ýagdaýlara bagyşlanan hasabatyny çap eder. Bu barada penşenbe güni müdirligiň başlygy Bill Nelson Argentina sapary wagtynda yglan etdi.

ABŞ-nyň UFO meselesi ara alnyp maslahatlaşylan Kongresinde geçirilen diňlenişikler barada žurnalistiň sowalyna jogap bermek bilen, ol: " NASA-nyň başlygy hökmünde gaýry saýýarlylar meselesinde şübheler köp bolansoň, abraýly alymlardan ybarat komiteti döretmek kararyna geldim. Olar häzir işleýärler we geljek aýda hasabatlaryny çap ederler "-diýdi.

"Bu hadysalary kesgitlemek üçin olar ylmy datçiklerimizden peýdalanarlar. Şonuň üçin indiki aýa garaşyň, size jogap bererler" –diýip, Nelson sözüniň üstüni ýetirdi.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....