Asmanjobs Türkmenistanyň ähli künjegindäki boş iş orunlaryny bir ykjam goşundyda jemleýär

  • 27.07.2023 22:11
  • 29k+

Asmanjobs — tutuş Türkmenistan boýunça boş iş orunlarynyň ägirt uly mukdaryny bir ykjam goşundyda jemleýär. Asmanexpress ykjam goşundysynyň düzüminde hereket edýän Asmanjobs bölüminiň islendik adam islendik wagt isleýän işini ýa-da gerekli hünärdäki işgäri tapyp biler.

Işläp başlanyna kän wagt geçmedik bu Asmanjobs bölüminiñ ulanyjylarynyň sany häzirki wagtda 20 000 geçdi . Asmanjobs-da hödürlenilýän boş iş orunlary dürli-dürli ugurlary öz içine alýar. Olaryň içinde has ýörgünlileri — IT hem-de Internet ugurlarydyr.
Asmanjobs-da islendik adam islän wagty çat arkaly iş hödürleýän bilen habarlaşyp, ýerleşýän ýerine görä özüne laýyk işi öýde oturan ýerinden tapyp biler.
Bu platformada ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler üçin bolşy ýaly, gapdalyndan goşmaça gazanç etmek isleýän talyp ýaşlar üçin laýyk geljek iş orunlary bar.

Platformada ýerleşdirilýän bildirişleri (boş iş orunlaryny) çap edilen senesi,  hödürlenilýän aýlyk zähmet haky, iş tertibi, iş gözleýäniň iş tejribesi boýunça tertipläp bolýar.
Iş berijiler platformada özleri üçin gerek işgär barada maglumatlary — haýsy wezipä, doly ýa-da ýarym iş güni, goşmaça aýratynlyklar barada maglumaty ýerleşdirýär.
Platformany ulanyjynyň ýerleşýän ýerine laýyklykda hem golaýdaky boş iş orunlaryny gözlemek mümkinçiligi bar.
Iş berijiniň habarlaşmak üçin maglumatlary (telefon belgileri, elektron poçtasy we ş.m.) platformada doly agza bolmazdan we rezýume bermezden elýeterlidir. Munuň özi iş beriji bilen göni telefon ýa-da elektron poçta arkaly habarlaşmak üçin diýseň amatlydyr.
Platformada agza bolanyndan soň, ulanyjy gyzyklanýan iş orunlaryny «Saýlananlar» bölümine goşup biler.
Asmanexpress kompaniýasynda işlemek isleýänler hem Asmanjobs-da anketasyny dolduryp bilerler.
Asmanexpress-iň yglan eden lotereýasy iýul aýynyň 30-yna çenli dowam edýär we awgustyň 5-ine lotereýanyň jemi jemlener. Ol Asmanexpress-de göni ýaýlymda geçer.

Täzeliklery yzarlaň, Asmanexpress köp gyzykly hyzmatlary hödürlär!
Iş wagty 07:00-23:00 çenli!

Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
+99361282393;
+99364 755997

Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......