Rimde gadymy teatryň harabalyklary tapyldy

  • 27.07.2023 19:25
  • 22k+

Arheologlar Rimiň merkezinde, Watikanyň golaýynda b.e. I asyryna degişli gadymy teatryň harabalyklaryny ýüze çykardylar. Çaklamalara görä, bu Gadymy Rimiň imperatory Neronyň çykyş etmegi gowy görýän teatry bolup biler diýip, mail.ru «Corriere della sera» gazetine salgylanyp habar berýär.

«Theatrum Neronis» atly şeýle teatryň bolandygy gadymy döwrüň alymlary Pliniýniň, Swetoniýniň, Tasitiň ýazgylarynda beýan edilýär. Şolaryň ýazgylaryndan hem bu teatryň ýerleşip biljek ýeri baradaky maglumatlar alyndy.
«Plasso della Rowere» köşgüniň howlusynyň 5 mert çuňlugynda ak we reňkli mermerden altyn bilen bezelen sütünler hem-de beýleki antik döwre degişli tapyndylar ýüze çykaryldy. Gazuw-agtaryş işleri 2020-nji ýyldaky gaýtadan dikeldiş işleriniň dowamynda başlandy we birnäçe açyşlaryň üstünden eltdi. Arheologlar gowy ýagdaýda saklanan çüýşe küýzeleri we käseleri, keramiki güldanlary, şeýle hem dini maksatly serişdeleri tapdylar.


düýn 20:46
3.5k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

09.08.2025 18:21
3.1k+

SpaceX Starship-iň Marsa uçmagy barada ilkinji şertnamasyny baglaşdy, müşderi Italiýa boldy

SpaceX öz Starship kosmos gämisini Mars missiýalary üçin hödürläp başlady we eýýäm ilkinji şertnamasyny baglaşdy. Ilkinji müşderi Italiýanyň kosmos agentligi (ASI) boldy. ASI-niň prezidenti Teodoro Walenteniň aýtmagyna görä, agentlik Gyzyl planetanyň üstünden maglumat ýygnamak üçin ylmy enjamlary ibermegi meýilleşdirýär...

17.06.2025 19:30
3.6k+

Italiýa 2026-njy ýylda Sardiniýa adasyndan raketa uçuryp başlar

Italiýanyň OLM kompaniýasy 2026-njy ýylda Sardiniýa adasyndan ýeňil raketalaryň suborbital uçuşlaryna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada European Spaceflight neşiri habar berýär. Uçuş üçin ygtyýarnama 2025-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň Goranmak ministrliginden alyndy...

10.03.2025 14:52
4.9k+

Italiýada üzüm hasylynyň mukdaryny dronlaryň kömegi bilen çaklarlar

Italiýaly alymlar uçarmansyz uçýan enjamlardan (dronlardan) alnan maglumatlary seljerip, üzüm hasylynyň mukdaryny çaklamaga mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler. Aerofoto düşürmelerine esaslanýan tehnologiýa Toskana...