Italiýa 2026-njy ýylda Sardiniýa adasyndan raketa uçuryp başlar

  • 17.06.2025 19:30
  • 3.6k+

Italiýanyň OLM kompaniýasy 2026-njy ýylda Sardiniýa adasyndan ýeňil raketalaryň suborbital uçuşlaryna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada European Spaceflight neşiri habar berýär.

Uçuş üçin ygtyýarnama 2025-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň Goranmak ministrliginden alyndy. Bu ýurtda hususy kosmos uçuşlary üçin infrastrukturany döretmegiň ilkinji tapgyrydyr.
Gürrüň ýeňil Starlight raketasy barada gidýär. Onuň beýikligi 10,5 metr, diametri 450 millimetr, uçuş massasy bolsa bir tonna golaýdyr. Enjam, takmynan, 130 km belentlige 50 kg çenli peýdaly ýük çykaryp biler.
Sardiniýa yzygiderli we baha taýdan elýeterli uçuşlar bilen gyzyklanýan hususy kosmos kompaniýalary üçin Ýewropada täze meýdança öwrülip biler. 


şu gün 08:02
184

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
199

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 13:48
3k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.7k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......