Toyota täze Land Cruiser Prado-nyň suratyny görkezdi. Ol 2-nji awgustda tanyşdyrylar

  • 27.07.2023 13:36
  • 33k+

Toyota resmi suratda ilkinji gezek Land Cruiser Prado-nyň täze nesliniň öň tarapyny görkezdi.

Wnedorožnik nusgawy Land Cruiser FJ62-iň fonunda ýerleşýär we şu rakursdan seredeniňde täze modeliň öň tarapynyň, hakykatdanam, «ata-babasynyňka» meňzeşdigi görünýär. Şol umumylyklara – täze ulagyň gönüburçly görnüşdäki faralary we iri harplar bilen Toyota ýazgyly uzyn radiator gözenegi degişli. Şeýle hem, kompaniýa ulagyň resmi premýerasynyň senesini mälim etdi – çäre 2-nji awgustda geçer.
Deslapky maglumatlara görä, täze model “Land Cruiser Prado 250” diýlip atlandyrylyp bilner. Wnedorožnik hem ilkinji gezek gibrid bolar. Prado-nyň täze nesli alty silindrli hereketlendirijini ýitirer diýen myş-myşlar ýaýrady, ýöne häzirlikçe takyk maglumat ýok.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......