Awstraliýaly O’Kallahan 200 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

  • 26.07.2023 22:04
  • 7.3k+

Awstraliýaly Molli O’Kallahan ýüzmek boýunça dünýä çempionatynda 200 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde altyn medalyny dünýä rekordy bilen gazandy.

Ýüzüji türgen bu aralygy 1 minut 52,85 sekundda geçdi. Ozalky dünýä rekordy 1 minut 52,98 sekund bilen Federiko Pellegrinä degişlidi we ony 2009-njy ýyldan bäri hiç kim täzeläp bilmändi.
19 ýaşly Molli O’Kallahan birnäçe baýraklaryň eýesidir. Ol 2021-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda 4х100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça estafeta ýaryşynda ýeňiş gazandy, Tokioda geçirilen oýunlarda 4х200 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça estafeta ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol 2022-nji ýylda Awstraliýanyň Ýüzmek sporty federasiýasy tarapyndan iň gowy türgen diýlip yglan edildi we degişli baýrak bilen sylaglandy.


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......