“Barbi” filmi ilkinji uikendde amerikan prokatynda rekord goýdy

  • 26.07.2023 11:53
  • 15k+

Baş keşpde Margo Robbi bilen “Barbi” filmi ilkinji uikendde amerikan prokatynda 155 mln dollar gazandy, bu ýylyň dowamynda iň gowy başlangyçdyr diýip, forbes.kz habar berýär.

Greta Gerwigiň “Barbi” filmi ýene bir rekordy goýdy – bu taryhda zenan tarapyndan surata düşürilen filmiň iň gowy başlangyjy. Öň rekord Anna Boden we Raýan Flek tarapyndan surata düşürilen “Kapitan Marwele” degişlidi, bu film ilkinji dynç günleri öý prokatynda 153 mln dollar gazandy.
Kristofer Nolanyň “Oppengeýmeri” ABŞ-da ilkinji uikendde 80,5 mln dollar ýygnady. Şeýlelik bilen, Gerwigiň kartinasy “Barbingeýmerde” – bir günde çykan iki filmiň göreşinde tomaşaçy ünsi üçin ýeňiş gazandy.
Halkara prokatynda “Oppengeýmeriň” ýygymy ýene 93,7 mln dollar boldy, umumy alanyňda, kartina ilkinji dynç günleri 174,2 mln dollar gazandy. “Barbi” dünýä prokatynda 300 mln dollar ýygnady.
Iki filmiň hem üstünligi netijesinde bu uikend amerikan kinoprokatynyň taryhynda iň gowularyň biri boldy. Gowy girdeji ýygymlary kinoteatr torlaryna optimizm getirdi, olar üçin bu tomus gowşak bolupdy – Amerikada petekleriň satuwy, premýeralaryň köpdügine garamazdan, geçen ýyl bilen deňeşdirilende pesdi.


18.04.2025 00:50
8.9k+

Nýu-Ýorkly aşpez model bolup, Pariždäki moda hepdeliginde çykyş etdi

Nýu-Ýorkdan Scarr’s pizzeriýasynda işleýän aşpez Kristiano Wenmann garaşylmadyk ýagdaýda isleg bildirilýän model we Pariždäki moda hepdeliginiň gatnaşyjysy boldy. Onuň üstünliginiň wakasyny New York Post gürrüň berýär...

29.01.2025 15:14
2.4k+

Bruno Mars aýda 150 million diňleýji toplap, Spotify-yň rekordyny goýdy

Bruno Mars Spotify-niň taryhynda aýda 150 million diňleýjä ýeten ilkinji sazanda boldy. Aýdymçy bu üstünlige soňky döwürde ýekelikdäki çykyşlaryny seýrek goýberýändigine garamazdan ýetdi diýip, Variety neşiri belleýär...

05.04.2024 15:06
11k+

Dolce & Gabbana binagärlik işine gatnaşýar: brend Maýamide 320 metrlik diňiň taslamasyny hödürledi

Italiýanyň Dolce & Gabbana brendi Maýamide gurulmagy meýilleşdirilýän ilkinji ýaşaýyş diňiniň taslamasyny hödürledi. Binanyň dizaýny Nýu-Ýorkyň Studio Sofield binagärlik studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy...

22.03.2024 23:33
14k+

Ariana Grandeniň 98 ýaşly enesi Billboard çartynyň rekordyny täzeledi

98 ýaşly aýdymçy we Ariana Grandeniň enesi Marjori Grande Billboard Hot 100 çartyna giren iň garry adam boldy. Meşhur agtygy tarapyndan çykarylan täze «Ordinary Things» aýdymy çartda 55-nji ýerde ýerleşdi. Marjori...