Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri yglan edildi

  • 26.07.2023 10:43
  • 11k+

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary 23-nji iýulda açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri yglan etdi.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi diýlip ykrar edildi. Şeýlelikde, 10 dalaşgäriň 5-si saýlanyldy. Halkyň saýlanlarynyň ählisi halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleridir, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň wekilleridir, öz işiniň ussatlarydyr.
Şeýlelikde, saýlaw toparlarynyň Teswirnamalaryna laýyklykda, ses bermegiň netijeleri boýunça Geňeşiň 5 agzasy saýlanyldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ählisi öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirildi.


düýn 09:38
7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

14.03.2026 10:01
942

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

14.03.2026 00:49
5.5k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

13.03.2026 09:38
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...