«Gyzyl eller» ykjam goşundysy islendik işiňi amatly bahadan bitirjek hünärmenleri tapmaga kömek edýär

  • 25.07.2023 13:45
  • 16k+

Kondisioneriňiz döwüldimi, santehnik gerekmi, öýi arassalamak üçin adam tutmak isleýärsiňizmi ýa-da ýene-de şuňa meňzeş işleriňiz barmy? Bu işleri ýerine ýetirjek, galyberse-de, amatly bahadan ýerine ýetirjek adamlary gözlemäge bolsa wagtyňyz ýokmy? «Gyzyl eller» ykjam goşundysy munuň aňsat ýoluny hödürleýän Türkmenistanda ilkinji ulgamy döretdi.
Goý, hünärmenleriň, ussalaryň özi size ýüz tutsun! Size diňe edilmeli işi ýazyp, bildiriş goýmak ýeterlik (gerek bolsa, özüňize laýyk nyrhy hem ýazyp bilersiňiz). Bildiriş ýazanyňyzdan soň, tejribeli hünärmenler Size teklip bilen ýüzlener. Size özüňize laýyk geljek teklibi saýlap, şol hünärmene jogap beräýmek galýar.

«Gyzyl eller» ykjam goşundysy müşderiler üçin öz şäherinden gysga wagtda we amatly bahadan ussalary ýa-da hünärmenleri tapmaga, ussalar üçin bolsa özlerine laýyk ýumşy saýlap, olary ýerine ýetirip, gazanç etmäge mümkinçilik berýär. Netijede iki tarap hem utuşda bolýar.

ÝUMUŞ NÄDIP DÖRETMELI?
Ilki bilen ulgama GIRIŞ etmeli. Ondan soňra etmeli işiň görnüşini saýlap, onuň ýerini, wagtyny, gysga we doly beýanyny görkezip ÝUMUŞ döretmeli. Siziň ýumşuňyzy görüp, ulgamdaky hünärmenler size öz tekliplerini, bahalaryny, amatly wagtyny ýazyp hödürlärler. Siz diňe olaryň içinden hünärmeniň reýtingine, tejribesine, beren nyrhyna görä, amatlysyny saýlap bilersiňiz. Iş ýerine ýetirilenden soň, ussa seslenme we baha bermegi unutmaň.
Ulgamda dürli kategoriýalar göz öňünde tutulan: gurluşyk-abatlaýyş işler, santehnikler we elektrikler, dizaýn hyzmatlar, tehnikalary bejermek, tikinçilik we ussaçylyk, tämizçilik hyzmatlar, kompýuter hyzmatlary, ýük daşamak we göçmek, awtoulaglary bejermek, toý we banket hyzmatlary, okuw we repetitorçylyk, ýuridiki we buhgalterçilik hyzmatlar, gözellik hyzmatlar, eltip bermek hyzmatlar we beýlekiler.

HYZMAT TÖLEGLIMI?
Ýumuşlary döretmek, ussalardan teklipleri almak we olary saýlamak üçin müşderiden töleg alynmaýar, ýagny müşderiler üçin öz ýumuşlaryny ýazyp goýmak MUGT. Töleg diňe ussalar ykjam goşundynyň üsti bilen ýumuş alanlaryndan soň, ussalaryň hasabyndan alynýar. Hünärmenler we ussalar «Gyzyl eller» ulgamynda öz profilini döredip, dürli ýumuşlary ýerine ýetirip, goşmaça gazanç edip bilerler.
Agza bolan her ussa 200 şaý (manat) möçberde bonus berilýär.

«Gyzyl eller» ulgamynyň mümkinçilikleri barada has giňişleýin bilmek hem-de hyzmatdan peýdalanmak üçin saýta girip bilersiňiz: gyzyleller.com.tm
Ykjam goşundyny Play Market-den we AppStore-den şu salgylardan ýükläp alyň!

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......