Dünýäde iň gymmat Barbi gurjagy 302,5 müň dollara satyldy

  • 25.07.2023 11:56
  • 18k+

Taryhdaky iň gymmat Barbie gurjagy Christie's auksion öýünde 302,5 müň dollara satyldy. Bu barada NY Post habar berýär.

Şeýle ýokary baha gurjagyň hakyky we gaty seýrek gülgüne göwher, bir karat ölçegli monjuk dakynandygy bilen baglanyşykly. Barbie üçin özboluşly bezeg şaý-sepi awstraliýaly zergär Stefano Kanturi tarapyndan döredildi. Gurjakdan alnan girdejiniň Süýt mäzleriniň rak keseli  gaznasyna berlendigi bellenilýär.

“Şu wagta çenli iň gymmat Barbini satyp bilendigimize begenýäris. Satyjynyň girdejisiniň hemmesini Süýt mäzleriniň rak keseli  gaznasyna bagyşlandygyna begenýäris "- diýip, Christie's Americas-yň prezidenti Bonni Brennan NY Post gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Neşiriň žurnalistleri Greta Gerwigiň täze “Barbie” filminiň töweregindäki şowhun sebäpli tutuş Amerikany dolap alan “barbimania” netijesinde gurjagyň bahalarynyň ep-esli ýokarlanandygyny bellediler. Şeýlelikde, 1959-njy ýylda çykan we şol wagt  bary-ýogy 3 dollara duran ilkinji Barbie gurjagy indi eBay platformasynda 25 000 dollara satylýar.
Ilkinji Barbie gurjagyny 1945-nji ýylda amerikaly işewür aýal Rut Hendler döredipdi. Rut adamsy bilen Mattel oýunjak kompaniýasyny esaslandyrdy we gurjaga gyzy Barbaranyň dakypdy.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....