Awstraliýaly Titmus 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

  • 25.07.2023 11:52
  • 3.5k+

Awstraliýaly ýüzüji Ariarne Titmus ýekşenbe güni 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy.

Awstraliýaly türgen Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçiriljek suw sporty boýunça dünýä çempionatynda jemleýji ýüzüşde birinji boldy. Netijesi 3 minut 55,38 sekunt boldy. Ikinji orny amerikaly Keti Ledeki (3,35 sekunt yza galdy), üçünji orny täze zelandiýaly Erika Feýrwezer (+4,21) eýeledi.
Öňki dünýä rekordy kanadaly Sammer Makintoşa (3.56,08) degişlidi we ol ony 2023-nji ýylyň mart aýynda Kanadada geçirilen ýaryşda goýupdy. Fukuokada geçirilen dünýä çempionatynda Makintoş dördünji orny eýeledi (+4,56).
Awstraliýanyň ýygyndy topary 4x100 aralygy erkin usulda ýüzmekde 3 minut 27,96 sekunt wagt bilen dünýä rekordyny goýdy. Ozal bu rekord awstraliýaly türgenlere-de degişlidi (3.29,69).
Titmus 22 ýaşynda, 200 we 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde iki gezek Olimpiýa çempiony boldy, Oýunlarda kümüş we bürünç medallaryň eýesi. Awstraliýaly türgen zenan 2019-njy ýylda 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde, şeýle hem 4x200 metr aralyga erkin estafetada altyn medal gazanyp, üçünji gezek dünýä çempiony bolupdy.


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......