Türkmenistan bilen Filippinleriň arasynda diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl doldy

  • 24.07.2023 12:46
  • 4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markosa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalar arkaly iki halkyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ferdinand Romualdes Markosa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Filippinler Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 16:02
877

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......