Dueýn Jonson taryhda rekord gonorary aldy

  • 23.07.2023 15:02
  • 24k+

Golliwudyň aktýory Dueýn Jonson "Red One" (Gyzyl) filminde surata düşendigi üçin taryhda rekord dereje gonorary aldy. Sylag mukdary 50 mln dollar bolar diýip, The Direct habarlar saýty habar berýär. Soňky onýyllykda Jonson uly ekranda söweşli fimleriň ýokary derejeli ýyldyzlarynyň hataryna goşuldy, onuň filmleri bolsa dünýä prokatynda 12,5 mlrd dollardan gowrak ýygnady diýip, rbclife.ru belleýär.

Jonsonyň "Red One" üçin alýan gonorary diňe bir onuň kino karýerasynda iň ulusy bolman, eýsem islendik aktýor üçin, girdeji ýygymlardan gelýän soňky tölegleri hasaba almazdan, bir film üçin iň ýokary töleg bolar.
Deňeşdirmek üçin: öň aktýoryň kinodaky bir keşp üçin gazanan iň ýokary mukdary - bu "Jumanji: Täze dereje" we "Gyzyl duýduryş" üçin gonorarlar bolup, her birine gatnaşandygy üçin 23,5 mln dollar aldy.
Aktýoryň surata düşen beýleki filmleri oňa şeýle gonorar getirdi: "Forsaž: Hobbs we Şou" üçin $20 mln, "Jeňňel syýahaty" üçin $22 mln we "Gara Adam" üçin $22,5 mln. $50 mln bolan täze gonorary bilen Jonson öňki liderleri - "Ilkinji ar alyjy: Gapma-garşylyk" filmindäki işi üçin 40 mln dollar alan ýaş Robert Daunini we "Patyşa Riçardda" oýnandygy üçin şonça gazanan Uill Smiti yzda galdyrdy.
Neşir aktýorlar tarapyndan bir keşp üçin alnan beýleki iň ýokary gonorarlaryň sanawyny getirýär:

  • Jonni Depp - "Karib deňziniň garakçylary: Täsin kenarlarda", $35 mln;
  • Will Smit - "Azat ediş", $35 mln;
  • Kianu Riwz - "Matrisa: täzeden ýükleýiş" / "Matrisa: Rewolýusiýa", her biri $30 mln;
  • Mel Gibson - "Ölüm howply ýarag 4", $30 mln;
  • Leonardo Di Kaprio - "Ýokaryk seretmäň", $30 mln;
  • Leonardo Di Kaprio - "Gül Aýynyň ganhorlary", $30 mln;
  • Arnold Şwarsenegger - "Terminator 3: Maşynlaryň gozgalaňy", $29,2 mln;
  • Ýaş Robert Dauni - "Ar alyjylar: Final", $20 mln.

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....