Keniýaly türgen Kipýegon bir mil aralyga ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 22.07.2023 19:23
  • 11k+

Keniýaly ýeňil atletikaçy Kipýegon anna güni Monakoda geçirilen «Brilliant ligasynda» bir mil (1 609 metr) aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy.

Türgen aralygy 4 minut 7,64 sekuntda geçdi. Öňki rekord niderlandly Sifan Hassana degişlidi, ol 2019-njy ýylda 4 minut 12,33 sekunt netijäni görkezipdi.
Kipýegon şu tomus üçünji dünýä rekordyny goýdy. 2-nji iýunda türgen 3 minut 49,11 sekunt netije bilen  1500 metr aralyga, 9-njy iýunda bolsa 5000 metr aralyga (14 minut 5,20 sekunt) ylgamakda iň gowy üstünligiň eýesi boldy. Onuň görkezen netijesi degişlilikde efiopiýaly Genzebe Dibabanyň (3:50,07) we Letesenbet Gideýiň (14:6,62) netijelerinden üstün boldy.
Kipýegon 29 ýaşynda. Ol 1500 metr aralyga ylgamakda iki gezek dünýäniň (2017, 2022) we Olimpiýa oýunlarynyň (2016, 2021) çempionydyr. Mundan hem başga türgen şol bir aralyga ylgamakda iki gezek dünýä çempionatlarynyň (2015, 2019) kümüş medallaryny aldy.


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....