Koreýaly myhmanlar Arkadag şäherine gezelenç etdiler

  • 22.07.2023 09:03
  • 20k+

21-nji iýulda Türkmenistanda bolmagynyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo hem-de onuň ýanyndaky wekiliýet üçin Arkadag şäherine gezelenç guraldy. Koreýaly myhmanlar täze şäheriň gözel künjekleri hem-de medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän infrastrukturasy bilen tanyşdylar.

Myhmanlar Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän we kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherini synlap, onuň binagärlik keşbiniň, şäher ilatynyň ýaşamagy üçin döredilen oňaýly şertleriň özlerinde uly täsir galdyrandygyny bellediler.
Şeýle hem koreýaly myhmanlar Arkadag şäheri bilen tanyşlygyň dowamynda Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler we bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Döwlet sirkiniň meýdançasynda meşhur Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp ýöremegi şowhun bilen garşylanyldy. Koreýaly myhmanlar görkezme çykyşlaryndan soňra, ahalteke atynyň ady rowaýata öwrülen wekili bilen ýadygärlik surata düşdüler.
Şol gün Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary üçin Aşgabatda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy.
Koreýaly myhmanlar muzeýdäki gadymy we häzirki döwre degişli halylary uly gyzyklanma bilen synlap, türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň, ussatlygynyň aýdyň nyşany bolan bu eserlere haýran galandyklaryny aýtdylar.


düýn 23:10
1.2k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

08.06.2026 17:48
6.4k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.2k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......