Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ikinji aýlawynyň başlanjak senesi belli boldy

  • 21.07.2023 07:38
  • 14k+

Birinji tomus arakesmesinden soň, 4-nji awgustda üç sany futbol duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze aýlawy badalga alar diýip, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berdi.

Şol gün 9-njy tapgyryň çäklerinde «Köpetdag» «Şagadamy» kabul eder, «Merw» «Aşgabada» myhmançylyga gider, «Energetik» bolsa «Ahal» bilen duşuşar. 5-nji awgustda «Nebitçi» «Altyn Asyr» bilen oýnar.
Çempionatyň ikinji aýlawy 24-ni sentýabrça çenli dowam eder.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň hasap boýunça 31-nji çempionaty üç aýlawda geçirilýär. Ýaryşa 9 klub gatnaşýar. Birinji aýlawyň netijeleri boýunça jedwelde Arkadag şäherinden adybir «Arkadag» kluby sekiz oýunda 24 utuk bilen öňdeligi eýeleýär. Ikinji orunda 18 utuk bilen Aşgabatdan «Altyn Asyr», üçünji orunda 16 utuk bilen Balkanabadyň «Nebitçisi» ýerleşdi.


düýn 22:01
3.1k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......