Asmanexpress: Türkmenistanda 100 günde 50 000 ulanyjy gazanan ilkinji ykjam goşundy

  • 19.07.2023 23:07
  • 53k+

100 günde 50 000 ulanyjy — Asmanexpress-iň ýeten derejesi.

Teswirleri, beren bahalary, bildiren ynamlary üçin Asmanexpress ähli ulanyjylaryna minnetdarlyk bildirýär! Asmanexpress ulanyjysynyň hiç biriniň hem teswirini ünsden düşürmeýär. Şonuň üçin ähli müşderilerine pikirlerini we tekliplerini paýlaşmaga çagyrýar.
«Asmanexpress – pikir edişiňdenem ÇALT!» şygaryny öňe süren, Aşgabadyň içine bary-ýogy 10 minutda eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirip bilen bu onlaýn platformanyň maksady bu görkeziji bilen çäklenmeýär. Esasy maksat bu ykjam goşundyny ähli smartfonlara gurnamak bolup durýar. Çünki Asmanexpress-iň hödürleýän hyzmaty, ilkinji nobatda, müşderileriň gündelik aladalaryny azaltmagy, olaryň durmuşyny ýeňilleşdirmegi maksat edinýär. Bu günki gün bu hyzmatyň ulanyjylarynyň berýän oňyn seslenmeleri, teswirleri Asmanexpress-iň dogry ýoldan barýandygyny görkezýär.
Asmanexpress ykjam goşundysy eltip bermek hyzmatyny MUGT eden ilkinji onlaýn tehnologik platformadyr. Bu platforma öz içine 10 MINUTDA 19 litrlik arassalanan agyz suwuny eltip berýän Arassa Asman bölümini, öýe gerek sargyt edilen harytlary degişlilikde 10 we 30 minutda eltip berýän Asmanexpress we Asmanmega bölümini, saýlan brend egin-eşikleriňiz sargyt esasynda öýüňizde geýip görmegiňiz üçin  bary-ýogy 90 minudyň içinde eltip berýän Asmanshop bölümi, iş we işgär gözleýänler üçin niýetlenen Asmanjobs bölümini alýar.
Asmanexpress onlaýn platformasy hyzmatynyň diňe bir tiz bolmagyny däl (hakykatdan hem tiz — bary-ýogy 10 MINUT), eýsem, ýokary hilli, ulanyjylar üçin oňaýly, harytlaryň bahasynyň bolsa amatly bolmagyny maksat edinýär. Şonuň üçin hem onlaýn platforma yzygiderli täzelikleri girizýär.

Asmanexpress onlaýn platformasyny özüňize ýükläp alyp, siz jemi 100 manatlyk kuponlary gazanyp bilersiňiz:

  • Asmanexpress satyn alnan harydy bary-ýogy 10 minutda eltip berýär. Bu bölümde sargydyň iň az mukdary 29.00 manat möçberinde bolmaly. Birinji sargyt üçin 15 manatlyk kupon berilýär.
  • Asmanmega — bu bölümden sargyt edilen harytlar 30 minudyň dowamynda öýüňize getirilýär. Sargytlaryň iň pes mukdary 49.00 manada deň bolmaly. Birinji sargyt üçin 20 manatlyk kupon berilýär.
  • Arassa asman 19 litrlik agyz suwuny bary-ýogy 10 minutda eltip berýär. Birinji sargyt üçin 15 manatlyk kupon hödürlenýär.
  • Asmanshop — saýlan brend egin-eşigiňizi 90 minutda öýüňize getirip berýär. Birinji sargyt üçin 50 manatlyk kupon berilýär.

Asmanexpress – Siziň hyzmatyňyzda!
Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: +99361282393 / +99364 755997
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......