Bloomberg: Hytaý elektrik ulaglaryny öndürmekde we satmakda dünýäde öňdebaryjy boldy

  • 19.07.2023 16:14
  • 12k+

HHR-iň ýolbaşçylarynyň elektrik ulaglaryň önümçiligini höweslendirmek maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurt elektrikli awtoulag öndürmekde we satmakda dünýäde öňdebaryjy boldy. Bu barada duşenbe güni Bloomberg habar berdi.

Onuň berýän maglumatyna görä, 2022-nji ýylda şeýle ulaglaryň (gibrid hereketlendirijili awtoulaglary goşmak bilen) 5,67 milliony - dünýädäki jemi ulag söwdasynyň ýarysyndan gowragy satyldy. Bloomberg NEF gözleg guramasynyň çaklamalaryna görä, bu görkeziji şu ýyl öndürilmegine garaşylýan 14,1 million elektrik ulagynyň takmynan 60% -ine ýetip biler.
Bloomberg Hytaý hökümetiniň geçirýän çäreleriniň arasynda elektrik awtoulaglaryny alyjylara we öndürijilere berilýän subsidiýalary, şeýle hem degişli infrastrukturanyň progressiw ösüşini agzaýar. Eýýäm ýurtda dünýä boýunça  iň köp zarýad beriş nokatlarynyň ulgamy bar: 2022-nji ýylda olaryň sany 649 müň artdy, bu bolsa dünýäde gurlan zarýad beriş nokatlarynyň 70% -den gowragyny düzýär.
Iň iri elektrikli ulag öndürijiler Hytaý bazarynda barha köpelýär. Geçen ýyl Tesla bu bazarda paýyny gazanmaga synanyşandan soň, Audi we BMW ýaly beýleki daşary ýurt öndürijileri hem şoňa meňzeş tagallalary etdiler. Bu, diňe bir Hytaý bazaryndaky ornuny saklamaga çalyşmak bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtlardaky gatnaşygyny giňeltmäge çalyşýan ýerli öndürijileriň jogap hökmünde işjeňleşmegine sebäp boldy.


şu gün 09:36
1.1k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......