Yragyň wekiliýeti Türkmenistandan gaz almak bilen bagly şertnamalary maslahatlaşmak üçin ýurdumyza geler

  • 18.07.2023 19:18
  • 15k+

Yragyň Elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadel ýekşenbe güni parlament komitetiniň agzalary bilen geçirilen ýygnakda iki wekiliýetiň Katara we Türkmenistana baryp, gaz importy bilen baglanyşykly ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy diýip, Yragyň parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanýan Yragyň täzelikler gullugy (INA) habar berýär. Muny Orient ýetirýär.

Hasabatda bu duşuşygyň ministrligiň tomusda elektrik üpjünçiligi boýunça meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilendigi aýdylýar. Komitetiň başlygy, esasanam, tomus aýlarynda temperaturanyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly raýatlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Fadel elektrik energiýasy bilen bagly kynçylyklary netijeli çözmek we elektrik beketlerini zerur ýangyç bilen üpjün etmek üçin Nebit ministrligi bilen ýygnak geçirilendigini aýtdy.
Yragyň wezipeli ýolbaşçysy iki wekiliýetiň Türkmenistana we Katara baryp, elektrik stansiýalaryny işletmäge ýeterlik ýangyjyň bolmagyny gazanmak üçin iki ýurtdan gaz import etmäge mümkinçilik berýän şertnamalary ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.
Ondan öň Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudani Yragyň energiýa pudagynyň ýolbaşçylaryna gaz importy üçin alternatiw çözgütleri tapmagy we şu nukdaýnazardan Türkmenistan we Katar bilen gepleşikleri dowam etdirmegi tabşyrypdy.


düýn 11:54
3.9k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....