Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Ahal welaýatyndaky düzediş-zähmet edarasyna baryp gördüler

  • 16.07.2023 03:23
  • 24k+

15-nji iýulda Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalaryň haýyşy boýunça, Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş-zähmet edarasyna nobatdaky sapar guraldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň we ABŞ-nyň ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşigiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylaryna azatlykdan mahrum edilen adamlaryň saklanyş şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Türkmenistan adam hukuklary baradaky Konwensiýalaryň işjeň agzasy bolmak bilen, olaryň milli kanunçylykda we degişli döwlet edaralaryň işinde durmuşa geçirilmegini doly üpjün edýär, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär.
Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkara ynsanperwer guramalaryň sazlaşykly işini üpjün edýän milli we halkara derejede özara baglanyşygyň berk gurallary döredildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hem penitensiar ulgamyny kämilleşdirmek, tejribe alyşmak, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň amala aşyrylmagy bolup durýar.
Özara gatnaşyklaryň netijeliliginiň subutnamasy hökmünde halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri üçin ýurdumyzyň düzediş-zähmet edaralaryna türkmen tarapynyň guraýan tanyşdyryş saparlaryny getirmek bolar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......