Arassa agyz suwy barada gyzykly maglumatlar: 19l Arassa Asman süýji çeşme suwy 10 minutda siziň öýüňizde

  • 15.07.2023 18:52
  • 24k+

Suw maglumatlary ýatda saklap bilýär. Ýönekeý sözler bilen aýdanymyzda, suwda öz täsiriňi galdyryp bolýar. Asmanexpress onlaýn tehnologik platformasynyň Arassa Asman suw önümçiligi bolsa hemişe ýakymly duýgularyň içinde, çünki eltip bermek hyzmatynyň işiniň çaltlaşdyrylyp, 10 minudyň içinde ýerine ýetirilmegi hemmelerden oňat täsir almaga ýardam edýär. Şeýlelik bilen, Arassa Asmanyň suwy diňe ýakymly we ajaýyp duýgular bilen doldurylandyr.

Ýokary hilli we çalt hyzmatdan peýdalanyp, arassa süýji suw alyň we Arassa Asmanyň suwundan ýakymly täsirde boluň! Asmanexpress kompaniýasynyň baş maksady iň gysga wagtda müşderilerini arassa süýji suw bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Ýörite filtrleri we arassalaýyş ulgamyny ulanmak bilen, kompaniýa eltip berilýän suwuň her bir damjasynyň aňrybaş derejede arassa we içmek üçin howpsuzdygyna kepil geçýär.
Suwuň eltip bermek hyzmaty MUGT. Ähli suw gaplary çalşyrylýar.

Suwuň adam bedeni üçin peýdasy nämeden ybarat? Tomsuň jokrama yssysynda özüňi nädip goramaly?

  • Ýer ýüzündäki suwuň diňe 3 göterimi arassa suw. Onuň hem diňe üçden biri içmek üçin ýaramly bolup, galan bölegi buzluklarda ýerleşýär.
  • Eger-de adam beden agramyndan 2 göterim suwuny ýitirse, onda güýçli suwsuzlyk ýüze çykýar. Eger-de ýitirilen suwuň mukdary 10 göterime ýetse, adamda gallýusunasiýa ýüze çykýar. 12 göterim suw ýitiren ýagdaýynda adam lukmanyň kömegi bolmasa, dikelip bilmeýär.
  • Artykmaç agrama garşy göreş: içgilerden diňe arassa suw içmek bilen, umumy berhiziňizden kaloriýany çalt azaldyp bilersiňiz. Birinjiden, adam kaloriýasy köp bolan süýjüli gazlandyrylan içgileri we şireli suwlary içmegini bes edýär, ikinjiden, suw içilenden soň çaý ýa-da kofeniň ýany bilen süýji birzatlar iýmäge bolan isleg azalýar. suw içilenden 30 minut soňra, bedende metabolizm hadysasy 20-30 göterim artýar.
  • Suw ýürek keselleriniň döremek howpuny azaltmaga ýardam edýär. Gözlegleriň netijesinde alymlar, günüň dowamynda alty bulgur suw içýän adamyň, bary-ýogy iki bulgur suw içýän adama garanyňda, ýürek kesellerine duçar bolmak ähtimallygynyň azdygyny tassykladylar.
  • Suwsuz adam uzak ýaşap bilmez. Suw kisloroddan soňra adam bedenine iň zerur zatlaryň biri. Iýmitsiz adam alty hepdä çenli ýaşap biler, suwsuz welin bary-ýogy 5-7 gün.
  • Suw mugt-da, gaty gymmat hem bolup biler. Dünýädäki iň gymmat suw Los-Anjelesde satylýar. Ol ýerde öndürijiler deňagramlaşdyrylan tagamly we ph görkezijili gymmatly suwuklygy "Swarovski" gaşly gaplara gaplaýarlar. Bu hili suwuň 1 litriniň bahasy 90 dollar.
  • Adam diňe iýmit arkaly ýylyň dowamynda 60 tonna suw kabul edýär.
  • Arassa agyz suwunyň günüň dowamynda ýeterlik kabul edilmegi adam ömrüni ortaça 15-20 ýyl uzaldýar.
  • Bir milliarda golaý adamyň arassa suwdan peýdalanmaga mümkinçiligi ýok.
  •  Suw infragyzyl şöhlesini özüne siňdirýär. Bu yssy ýurtlar üçin has-da wajyp.

Eger-de siz öz fiziki, ruhy saglygyňyz hakda aladalanýan bolsaňyz, öz nerw ulgamyňyzy aýap, wagtyňyzy tygşytlajak bolsaňyz, onda Asmanexpress-den 10 minutda arassalanan agyz suwuny eltip berýän Arassa Asman hyzmatyndan peýdalanyň.
Asmanexpress-iň işiniň esasy ugurlarynyň biri hem — häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. Müşderiler ykjam goşundysynyň ýa-da web saýtyň üsti bilen sargytlaryny aňsat berip bilýärler, şeýle hem onlaýn görnüşde sargydynyň hereketini yzarlap bilerler. Munuň özi eltip bermek hyzmaty bilen özara gatnaşygyň oňaýlylygyny we aýdyňlygyny üpjün edýär.
Asmanexpress onlaýn tehnologik platformasy ýakynda ähli ulanyjylary üçin utulyşsyz lotereýa yglan etdi we baş baýragy awtomobil bolan 151 sany sowgatly bije goýdy. Bu lotereýa barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.
Asmanexpress ykjam goşundysy ýükläp alyň, agza boluň we bagtyňyzy utulyşsyz lotereýada barlap görüň!

Asmanexpress – pikir edişiňdenem ÇALT!
Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: +99361282393 / +99364 755997
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......