Şawkat Mirziýoýew kasam kabul edip, Özbegistanyň prezidenti wezipesine girişdi

  • 15.07.2023 10:52
  • 11k+

Şawkat Mirziýoýew anna güni Kanun çykaryjy palatanyň we Oliý Mažlis senatynyň (parlamentiň ýokarky we aşaky palatalary) bilelikdäki mejlisinde Özbegistanyň prezidenti wezipesine girişdi.

Report agentliginiň ýerli HBS-e salgylanyp habar bermegine görä, dabara başlamazdan öň parlamentiň ýokarky palatasynyň zalyna Özbegistanyň prezidentiniň ştandarty we nyşany getirildi.
Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew 9-njy iýulda geçirilen möhletinden irki saýlawlarda Mirziýoýewiň döwlet baştutany hökmünde saýlanandygyny aýdyp, oňa Özbegistanyň prezidentiniň şahadatnamasyny gowşurdy.
Mirziýoýew elini Konstitusiýa we mukaddes Gurhana goýup, kasam kabul etdi.
Ýatlap geçsek, Özbegistanda möhletinden irki saýlawlar 9-njy iýulda geçirildi. Bu Konstitusiýa prezidentiň ygtyýarlylyk möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýan üýtgetmeler girizilenden soň ilkinji prezident saýlawlary boldy. Şawkat Mirziýoýewe saýlawçylaryň 87,05%-i ses berdi.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

18.06.2026 22:09
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......