Hyundai ädimläp ýöreýän awtoulagyň üstünde işleýär

  • 14.07.2023 16:40
  • 30k+

Hyundai konsepti 2019-njy ýylda görkezilen ädimläp ýöreýän awtoulagyny patentledi. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa awtoulagyň seriýalaýyn öndürilip bilinjekdigini habar berdi.

Ädimläp ýöreýän awtoulaga Hyundai UMV (Ultimate Mobility Vehicle) diýip at dakyldy. Bu awtoulag geçijiligi boýunça islendik ulagdan belentde bolmaly. Ol dört sany hereket edýän daýanç-öwrülme "aýaklaryny" aldy. Olar ýolda dürli päsgelçiliklerden ýa-da uly çukurlardan geçmäge mümkinçilik berýär.
Awtoulag kuzowyny 1,5 metr belentlige çenli galdyryp biler we kuzowyň özi bolsa ýolagçy ýa-da ýük üçin bolup biler. Şeýle ulaglary, esasanam, gözleg-halas ediş işlerinde ulanmak teklip edilýär. Ol sürüjisiz hem bolup biler.
Modeliň tehniki häsiýetnamasy entek ýok.


düýn 17:00
2.4k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.8k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.9k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....