Täze oýlap tapyş smartfonlara iýmitiň we ganyň düzümini tanamaga mümkinçilik berer

  • 06.08.2025 16:12
  • 3k+

Demirgazyk Karolina döwlet uniwersitetiniň alymlary smartfonlara oturdylyp we ylmy derejeli analizator bolup biljek kiçijik spektral datçigi döretdiler diýip, SciTechDaily ýazýar.

Taslamanyň awtorlaryndan biri, maşyngurluşyk we aerokosmos inženerçiliginiň professory Brendan O'Konnor şeýle enjam bilen ulanyjylaryň, laboratoriýa anyklaýyş merkezlerine ýüz tutmazdan, önümleriň, daşky gurşawyň molekulýar düzümini we biologiki derňewleriň netijelerini alyp biljekdigini aýtdy. Bu adamlaryň gündelik durmuşyny ep-esli üýtgedip biler.
Işläp taýýarlama "ýeke pikselli" diýilýän kämilleşdirilen mini-spektrometrdir. Öňki işläp düzülenlerden tapawutlylykda, ol çylşyrymly optikany ýa-da ýokary woltly togy talap etmeýär we az energiýa sarp edýär. Enjam ultramelewşeden infragyzyla çenli aralykdaky ýagtylyk tolkunlaryna duýgur we spektri bir millisekuntda aýryp bilýär. Duýgurlygy sazlamak naprýaženiýäni üýtgetmek arkaly amala aşyrylýar.

"Biziň görkezme prototipimiz bary-ýogy birnäçe inedördül millimetr ýeri eýeleýär – ol islendik telefona ýerleşip biler. Isleseňiz, ony piksel ýaly kiçijik edip bilersiňiz" - diýip, O'Konnor düşündirýär.

Barlagçylar tehnologiýanyň has uly enjamlaryň ornuny tutjakdygyny we ulanyjylary materiallary we biolukmançylyk görkezijileri seljerjek takyk gurallar bilen gönüden-göni smartfonyň ýüzünde üpjün etjekdigini bellediler.


düýn 11:15
1.9k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.6k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....