ABŞ ýene ÝUNESKO-nyň agzasy boldy

  • 14.07.2023 15:11
  • 5.6k+

ABŞ-nyň ÝUNESKO-nyň düzümine gaýdyp gelmek prosesi tamamlandy, Birleşen Ştatlar guramanyň 194-nji agza döwleti boldy. Bu barada ÝUNESKO-nyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

"ABŞ-nyň ÝUNESKO gaýdyp gelmeginiň prosedurasy tamamlandy: Birleşen Ştatlar biziň guramamyzyň ýene-de resmi taýdan agza döwleti boldy" - diýip, ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odre Azule aýdýar. Şeýlelik bilen, Azule "ÝUNESKO ýene-de uniwersallyga tarap hereket edýär" diýip hasaplaýar.

Guramanyň metbugat gullugynda 9-njy iýulda Azuleniň amerikan tarapy bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirendigi we onuň dowamynda oňa Waşingtonda ÝUNESKO-nyň düzgünnamasyny kabul etmek barada resminama gol çekilendiginiň habar berlendigi aýdylýar.
30-njy iýunda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň nobatdan daşary sessiýasyna gatnaşyjylar Waşington tarapyndan teklip edilen karzy kem-kemden tölemek şertlerinde ABŞ-nyň guramanyň düzümine gaýdyp gelmegi baradaky rezolýusiýany tassykladylar.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

11.06.2026 12:12
8.4k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......