BMW eýesiniň islegi boýunça kuzowyň reňkini dessine üýtgetmek mümkinçiligini döretdi

  • 13.07.2023 23:00
  • 28k+

BMW awtoulaglaryň bezegini üýtgedip biljek iki çözgüdi patentledi. Ikisi-de kabinadaky düwmeden buýruk boýunça kuzowyň ýa-da içki panelleriň reňkini üýtgedip biljek bezeg plýonkasyny ulanýar.

Birinji patent "elektron kagyz" diýilýänlere degişlidir. Onda saçyň tary ýaly galyňlykda millionlarça mikrobölejikler bar. Olar dürli reňkli bolup biler. Togy kagyz gatlagyna bermeklik onuň üstünde belli bir reňk öwüşgininiň kapsulalarynyň peýda bolmagyna getirýär.
Çözgüdi tutuş kuzow üçinem, onuň aýratyn elementleri üçinem ýa-da salon babatynda-da ulanyp bolýar. BMW çylşyrymly şekildäki zatlara ulanyp boljak we islendik egrem-bugramlykda hem boýagyň üznüksiz gatlagynyň görnüp durmagy üçin şeýle plýonkanyň aýratyn gurluşyny döretdi.
Ikinji patent plýonkanyň ulanylyş usulyna we goşmaça goragyna degişlidir. Örtügiň innowasionlygy häzirki zaman bezeg plýonkalary bilen ýelmemek üçin ulanylýanlardan başgaça çemeleşmegi talap edýär. Hususan-da, lagyň daşky gatlagy ulanylar.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......