Hindistan 2075-nji ýyla çenli HHR-den soň dünýäniň ikinji uly ykdysadyýetine öwrüler

  • 13.07.2023 22:53
  • 12k+

Hindistanyň jemi içerki önümi (JIÖ) 2075-nji ýyla çenli 52,5 trln dollara ýeter, netijede respublika bu görkezijiniň ululygy boýunça ikinji orny eýelär. Bu barada Goldman Sachs maýa goýum bankynyň maglumatlaryna salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Teleýaýlymyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda dünýäniň bäşinji ykdysadyýeti bolan Hindistan 2075-nji ýyla çenli ABŞ-dan, Ýaponiýadan we ýewro zolagynyň ykdysadyýetinden öňe geçip, Hytaýdan soň ikinji orny eýelär. Şol bir wagtyň özünde HHR-iň JIÖ-i $57 trln, Hindistanyňky - $52,5 trln, ABŞ-nyňky - $51,5 trln, ýewro zolagynyňky - $30,3 trln, Ýaponiýanyňky - $7,5 trln bolar.
Goldman Sachs-yň analitikleri Hindistanyň ykdysadyýetiniň ösmeginiň köp babatda ilatyň we işçi güýjüniň işjeň ösüşi bilen baglanyşykly boljakdygyny belleýärler.
Mundan başga-da, Hindistanyň JIÖ-niň ösüşine tehnologiki ösüş, şeýle-de maýa goýum möçberiniň artmagy we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy oňyn täsir eder. Hünärmenler geljek 20 ýylda Hindistanyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyryp, ykdysadyýetde hyzmatlar paýyny artdyryp, infrastrukturany ösdürip we has köp iş ornuny döredip biljekdigini çaklaýarlar.
Şol bir wagtyň özünde, respublikada soňky 15 ýyl bäri görlen iş bilen meşgullyk derejesiniň peselmegi Hindistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine ýaramaz täsir edip biler. Häzir respublikada zähmete ukyply ýaşdaky aýal-gyzlaryň bary-ýogy 20%-i işleýär diýip, Goldman Sachs-yň hünärmenleri belleýär.
2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Hindistanyň JIÖ-i bir ýyl ozalky bilen deňeşdirilende 6,1% ýokarlandy. Şu ýyl ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň 7,2% bolmagyna garaşylýar.


düýn 16:30
573

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:18
7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......