Asmanexpress-den sargyt edip görenler nähili pikirde? Ulanyjylaryň teswirleri

  • 13.07.2023 19:30
  • 17k+

Asmanexpress ykjam goşundysynyň işläp başlanyna 3 aý bolup gelýär. Gysga döwürde Aşgabadyň içine 10 minutda eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýän bu onlaýn platformanyň ulanyjylarynyň sany 50 müňe ýetdi. Asmanexpress adamyň gündelik zerur harytlaryny sargyt etmek işini innowasion usulda düýbünden täze derejä çykardy. Munuň üçin platforma işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan başlap, emeli aňyň mümkinçiliklerine çenli aňry-ýany bilen peýdalanýar.

«Asmanexpress – pikir edişiňdenem ÇALT!» — şygary öňe sürýän Asmanexpress onlaýn platformasy hyzmatynyň diňe bir tiz bolmagyny däl (hakykatdan hem tiz — bary-ýogy 10 MINUT), eýsem, ýokary hilli, ulanyjylar üçin oňaýly, harytlaryň bahasynyň bolsa amatly bolmagyny baş maksat edinýär. Şonuň üçin hem onlaýn platforma ulanyjylarynyň pikirlerini, tekliplerini, teswirlerini yzygiderli ünsden düşürmän, olar boýunça degişli işleri geçirýär. Täzelikleri girizýär.
Müşderileriň Asmanexpress-den alan täsirini we pikirini paýlaşmak diýseň gyzykly bolar. Çünki täze haryt ýa-da täze hyzmat hödürlenende adamlar ilkibaşda ynanman bilerler. Birek-birekden sorap, barlap görüp soň, doly göz ýetirenlerinden soň hyzmatyň ulanyjysy bolmak isleýärler. Eger-de siz ykjam goşundysyny ulanyp, tizligini barlap görüp, öz adyňyzda teswir ýazasyňyz gelse, Asmanexpress-e girip «Profil» düwmesinde «Konsultant bilen söhbetdeşlik» bölüminde paýlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem Google Play we AppStore dükanlarynda teswirleriňizi ýazyp bilersiňiz.


Eýsem, 10 MINUTDA eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýän Asmanexpress platformasyndan sargyt edip görenler nähili baha berýärlerkä?

Olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň:

  • «Salam! Meň pikirimçe üýtgeşik priloženiýa. Içinde bar zatlary saýlap, ýok zatlaram, sargyt edip getirdip bolýar. Aksiýa hem gurnalan. Türkiýäniň belli brendleri ýerleşdirilipdir. Başga döwletleriňem brendlerini goýarsyňyz diýip umyt edýän. Işleriňizde üstünlik arzuw edýän!»;
  • «Работая в тридцатом живу в мир семь дробь два, чисто заказал по пути домой пару продуктов с купонами на скидку, пока ехал домой курьер около двери и ждал меня с продуктами. Думал реклама как реклама, а на деле оооооооочень быстро. Или они около моего дома живут, или просто как в фильме телепорт) в общем полный пять с плюсом звёздочек»;
  • «Gijiräk sargyt edipdik suwy, gije 10-nam bolsa, tüweleme, oglanlar 10 minutda gapa çenli getirip gitdiler, gaty gowy programma eken. Geljekde üstünlik!!!»;
  • «Işiňizde üstünlik, sargytlar tiz wagtda gelýär hem-de suwuň tagamy hem gowy. Söwdaňyz bolsun!»;
  • «Asmanexpress gaty gowy internet market. Su gün haryt zakaz etdim. Elýeterli we çalt gapyña getirip berýärler. Hem-de her dürli aksiýalar bar. Bu reklama däl, hakykatdan özüm barlap gördüm. Asmanexpress, sag boluñ, işiñizde üstünlik arzuw edýäris»;
  • «Gaty gowy, üstünlik arzuw edýän! Asmanexpress No1»;
  • «Tüweleme, gaty gowy market, işiňizde üstünlik hemra bolsun!»;
  • «Programma çyndanam gowy eken, berekella! 19 litr suwy megadan sargyt edipdik. Ýanyndan gerek produktalar bilen ýarym sagatda däl 15 minudyň içinde getirdiler, gaty begendik!»;
  • «Çyndanam 10 min geldi. Ilki 18 min diýip görkezdi, ýöne soň kartadan ýola çykanda 10 min geldi. Gaty gowy programma eken»;
  • «Здравствуйте! Мы заказали доставку. Наша доставка прибыла за 5 минут. И когда сказали что доставка бесплатная мы были в шоке Спасибо большое вам Asmanexpress! Желаю вам в дальнейшем ещё шире развития вашей онлайн платформы»;
  • «Все продукты шикарные, свежие, скидка хорошая, все по отличным ценам и ещё чё удобное и хотел бы сказать ваш доставщик шикарный быстрый. Доставил за 11 мин в 90 проезд, я подумал машина оказывается самолёт, номер машины его запомнил 8579!!! Спасибо вам большое стараетесь нас удивить!!!».

Asmanexpress ulanyjysynyň hiç biriniň hem teswirini ünsden düşürmeýär. Şonuň üçin ähli müşderilerine pikirlerini we tekliplerini paýlaşmaga çagyrýar.
Asmanexpress onlaýn tehnologik platformasy ýakynda ähli ulanyjylary üçin utulyşsyz lotereýa yglan etdi we baş baýragy awtomobil bolan 151 sany sowgatly bije goýdy. Bu lotereýa barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.
Asmanexpress ykjam goşundysy ýükläp alyň, agza boluň we bagtyňyzy utulyşsyz lotereýada barlap görüň!

Asmanexpress – pikir edişiňdenem ÇALT!
Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: +99361282393 / +99364 755997
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......