«Göwher» kosmetika dükany dekoratiw hem derä ideg kosmetikasyna arzanlaşyk yglan etdi

  • 13.07.2023 15:15
  • 8.9k+

Islendik müşderi üçin iň amatly bahalary hödürleýän «Göwher» kosmetika dükany harytlaryna ýene-de arzanlaşyk yglan etdi. Dükanda Dior, Chanel, Estee Lauder, Huda beauty, Fenty beauty, Mac, Sephora, Benefit, La Roche-Posay, Vichy, Likato, Elemis, Forlled ýaly dünýä belli brendleriň ýokary hilli kosmetika önümleri hödürlenilýär.

Galyberse-de, tomus möwsüminde derimiz aýratyn idege mätäç bolup durýar. Tomusda açyk howa çykylanda, deňze dynç almaga gidilende hökmany suratda gorag hem ideg kosmetikasy ýanyň bilen almaly. Ine, bu görnüşli kosmetikalaryň giň saýlawy hem «Göwher» kosmetika dükanynda bar.
«Göwher» kosmetika önümleri dükanynyň satyjylary islendik adamyň deri aýratynlyklaryna laýyk geljek ideg hem dekoratiw kosmetikasynyň bardygyny aýdýarlar. Dükanyň hünärmenleri her bir müşderä indiwidual çemeleşýärler. Kosmetika önümlerini saýlamagyň we ulanmagyň aýratynlyklary barada maslahat hyzmatlary hem bar.


«Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýän «Gowher cosmetics shop» dükany kosmetika önümleriniň tapgyrlarynyň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, önümleriň tutuş toplumy bilen Instagram sahypasyndan tanşyp durmagy, şeýle hem dükana jaň edip habarlaşyp bolýandygyny ýatladýar.
Dükanyň Instagram sahypasynda şeýle hem dürli bäsleşikler geçirilýär.
Hemişelik müşderilere arzanladyş ulgamy hereket edýär.
Eltip bermek hyzmaty bar!

Habarlaşmak üçin: +99363 14-44-12
Salgysy: «Berkarar» SDAM, 2-nji gat, «Gowher Cosmetics Shop» dükany.
Instagram: @ gowher_cosmetics

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......