Iýul aýynyň başy dünýäde alnyp barylýan gözegçiligiň taryhynda rekord derejede yssy boldy

  • 13.07.2023 15:12
  • 22k+

Iýul aýynyň birinji hepdesinde Ýeriň ýüzünde gözegçiligiň taryhynda rekord derejeli yssy howa hasaba alyndy. 4-nji we 7-nji iýulda ortaça temperatura Selsiý boýunça 17,2 gradus töweregi boldy, bu 2016-njy ýylyň awgust aýynda hasaba alnan öňki rekorddan 0,3 gradus ýokarydyr diýip, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (BMG) habar berýär.

"Dünýäniň dürli künjeklerinden hyzmatdaşlarymyzyň hasabyna görä, iýul aýynyň birinji hepdesinde gündelik global temperatura boýunça rekord goýuldy" - diýip, BMG-niň howa gözegçiligi bölüminiň başlygy Omar Baddur aýdýar. Häzirki wagtda BMG-de Ýewropanyň howanyň üýtgemegi boýunça gullugy Copernicus-dan, şeýle-de ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasyndan (NOAA), Ýaponiýadan we beýleki çeşmelerden gelip gowşan maglumatlar öwrenilýär. "Biz Selsiý boýunça 17,2 gradusa golaý temperatura bilen 4-nji we 7-nji iýulda rekordyň täzelenendigi baradaky netijä geldik" - diýip, Baddur belledi. Ol Selsiý boýunça 16,9 gradus bolan öňki rekordyň 2016-njy ýylyň awgust aýynda, özüniň gyzdyryjy täsiri bilen belli bolan El-Ninýo tebigy hadysasy bolup geçende hasaba alnandygyny ýatlap geçdi.

Şeýle-de, ol 7-nji iýulda hasaba alnan temperaturanyň 4-nji iýuldaky temperaturadan azyndan 0,01 gradus ýokary bolandygyny aýdyňlaşdyrdy. Häzirki tebigy hadysa El-Ninýonyň planetadaky temperatura ýetirýän täsiri barada gürrüň etmek bilen, Baddur El-Ninýonyň güýji ýokarlanmagyny dowam etdirse, temperatura rekordynyň 2024-nji ýylda hem goýlup bilinjekdigini belledi.
Öz gezeginde, BMG-niň howany öwrenmek boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Maýkl Sperrou iýun aýynda Antarktikadaky deňiz buzlarynyň meýdanynyň rekord derejede azalandygyna ünsi çekdi: ol ortaça derejeden 17% azdy. Onuň aýtmagyna görä, temperatura diňe bir gury ýerde ýokarlanmak bilen çäklenmeýär, eýsem umman hem energiýany özüne siňdirip gyzýar.


düýn 12:45
4k+

Ýanwar aýynda Aşgabada düşen ygalyň mukdary iki aýlyk kadadan geçdi

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda ygalyň mukdarynyň kadadan artmagy hasaba alyndy. Bu ýagdaý 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dowam edip gelen uzak wagtlyk guraklyk döwründen soňra ýüze çykdy. Agzalan döwürde ygalyň mukdary yzygiderli kadadan pes bolup geldi...

26.01.2026 09:42
8.4k+

Türkmenistanda hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar (26.01 - 01.02)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar...

22.01.2026 15:01
16k+

Bir günde Aşgabatda ýagan gar bilen ygalyň tas bir aýlyk mukdary ýagdy

20-nji ýanwardan 21-nji ýanwara geçilýän gije Aşgabatda 2026-njy ýylyň ilkinji gary ýagdy. Günüň dowamynda gar ýagmagyny dowam edip, köçeleri ak dona büredi. «Meteožurnal» neşiriniň maglumatlaryna görä, 20-nji ýanwar agşamyndan 21-nji ýanwar agşamyna çenli aralykda şäherde 20 mm gar ýagdy, bu bolsa ygalyň tas bir aýlyk mukdaryna deňdir...

19.01.2026 11:09
8.9k+

Türkmen milli senenamasy boýunça uly çille tamamlanyp, kiçi çille başlady

18-nji ýanwarda uly çille öz ornuny kiçi çillä berdi. Bu möwsüm 7-nji fewrala çenli dowam eder. «Gaharjaň», «keçjal» diýen atlary alan kiçi çille bu ýyl hem özüniň gar-ýagşy bilen geldi. Ýakyn günleriň howa maglumatlary muňa şaýatlyk edýär...