Arkadag şäher çagalar sungat mekdebine täze okuw ýyly üçin okuwçylar okuwa kabul edilýär

  • 12.07.2023 17:08
  • 17k+

Arkadag şäher Medeniýet müdirligi Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebine 2023 — 2024-nji okuw ýyly üçin okuwçylary okuwa kabul edýär. Resminamalaryň kabul ediliş tertibi hem-de möhletleri «Ahal durmuşy» gazetinde çap edildi.

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi sungatyň we döredijiligiň dürli ugurlary boýunça zehini, ukyby, kämil başarnygy bolan okuwçylary okamaga çagyrýar we olary degişli synaglary tabşyrmak arkaly, bäsleşik esasynda aşakdaky hünär ugurlary boýunça okuwa kabul edýär.
Çagalary okuwa kabul etmegiň ýaş aýratynlyklary saýlanyp alynjak hünär ugurlarynyň tassyklanan okuw meýilnamalary bilen kesgitlenýär.

  • - fortepiano, skripka boýunça 7, 8 we 9 ýaşan çagalar;
  • - milli saz gurallary: dutar, gyjak, plektrli dutar; halk saz gurallary: akkordeon, gitara; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary: fleýta, klarnet,turba, waltorna,trombon, saksofon, ksilofon, dep; bagşyçylyk; hor sungaty boýunça 10, 11 we 12 ýaşan çagalar;
  • - tans sungaty boýunça 8, 9 we 10 ýaşan çagalar;
  • - çeperçilik boýunça: nakgaşçylyk hünär ugruna 12, 13 we 14 ýaşan çagalar okuwa kabul edilýär.

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebine okuwa girmek üçin gerekli resminamalar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň merkezinde ýerleşýän Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň binasynda 2023-nji ýylyň 10-njy iýuly — 10-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Mekdebe okuwa girmek üçin tabşyrmaly resminamalar:

  • - okuwçynyň mekdebe kabul edilmegi barada okuwçynyň ata-enesi (olaryň ornuny tutýanlar) tarapyndan ýazylan arza;
  • - okuwçynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi we okuwçynyň ata-enesiniň (olaryň ornuny tutýanlaryň) pasportlarynyň göçürmesi;
  • - okuwçynyň 3x4 ölçegdäki 6 sany fotosuraty (çykarylan we elektron görnüşde);
  • - okuwçynyň saglygy barada degişli Saglyk öýünden berlen kepilnama;
  • - okuwçynyň umumy bilim berýän orta mekdebinden berlen kepilnama we häsiýetnama;
  • - okuwçynyň we onuň ata-enesiniň (olaryň ornuny tutýanlaryň) hemişelik ýaşaýan ýerinden kepilnama.

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebine okuwa girmek üçin giriş synaglary we okuwçylary seçip almak çäreleri 2023-nji ýylyň 15 — 20-nji awgusty aralygynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň merkezinde ýerleşýän Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň binasynda geçirilýär.
Okuwlar 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde başlanar.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň salgysy: Gökdepe şäheri, Nury Halmämmedow köçesiniň 15-nji jaýy.
Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň salgysy: Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99364830083; +99365666708.


11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......