Arkadag şäherine barýan ýollaryň durky täzelener we desgalar gurlar

  • 12.07.2023 15:57
  • 21k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda Ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy, Muzeý, Saglyk seýilgähi, Söwda we hyzmat ediş toplumy (bazar) gurlar. Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde, gurulmaly binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça BÄSLEŞIK yglan etdi. Ol «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Şeýle hem ikinji tapgyryň çäklerinde Arkadag şäherine barýan ýollaryň gurluşygy, Akhan şaýolunyň durkuny täzelemek, Gurbansoltan eje şaýolunyň durkuny täzelemek (Babarap — Akgoňur) göz öňünde tutulýar.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda 2023-nji ýylyň 23-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99312)52-55-71
E-mail: adk sanly.tm


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
7.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
6.7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......