Bahreýniň Patyşasy Türkmenistan bilen howa gatnawy hakynda ylalaşygy tassyklady

  • 11.07.2023 15:45
  • 10k+

Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasynda howa gatnawy hakynda ylalaşygy tassyklaýan kanuna gol çekdi. 

Ondan öň, kanun Patyşalygyň kanunçykaryjy edarasy bolan Şura geňeşi we Wekiller palatasy tarapyndan tassyklanyldy.
Resminama bahreýn premýer-ministrine we ministrlerine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bu kanunyň düzgünlerini berjaý etmeklerini göz öňünde tutýar. Resminama 10-nji iýuldan güýje girdi.
Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda howa gatnawy hakynda ylalaşyk Hökümet derejesinde 2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda Manamada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Patyşa Hamad bin Isa Al-Halifa bilen gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekildi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......