Threads sosial ulgamy 5 günde 100 mln ulanyja ýetdi. ChatGPT muňa 2 aýda ýetdi

  • 11.07.2023 15:31
  • 8.9k+

5-nji iýulda Meta kompaniýasy tarapyndan işe girizilen Threads sosial ulgamyny ulanyjylaryň sany 100 milliondan geçdi. Muny biri-birinden garaşsyz Search Engine Journal internet neşiri we Quiver Quantitative maglumat platformasy hasaplady diýip, interfax.ru habar berýär.

Search Engine Journal-yň maglumatlaryna görä, meşhur ChatGPT çat-botyna 100 million ulanyjyny çekmek üçin iki aý, TikTok we Instagram sosial ulgamlaryna, degişlilikde, dokuz aý we 2,5 ýyl gerek boldy.
Meta-nyň ýolbaşçysy we esaslandyryjysy Mark Sukerberg Threads tarapyndan 70 mln ulanyjy belligine ýetilende hyzmatda munuň "garaşylandan has ýokarydygyny" ýazypdy.
Şol bir wagtyň özünde, Threads Ýewropa Bileleşiginde elýeterli däl. "The Independent" gazeti çeşmä salgylanyp, Meta-nyň Ýewropanyň kompaniýalar tarapyndan şahsy maglumatlaryň ulanylmagyny çäklendirýän Digital Markets Act kanunynyň düşnüksizligi sebäpli häzirlikçe ÝB-de bu programmany işe girizmekden saklanýandygyny ýazýar.


19.06.2026 19:38
555

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....