Asmanexpress Asmanjobs bölüminde internet arkaly hünär taýdan ösmek üçin täze mümkinçiligi hödürleýär

  • 11.07.2023 12:24
  • 10k+

Web dizaýner, iňlis dili mugallymy, çagalara seretmek üçin eneke, öz maşyny bilen sürüji, söwda wekili, bagban, tam süpüriji, bank hasapçysy, maslahatçy, dermanhana işgäri....

Iş ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegi. «Iş» sözi ýer ýüzündäki ähli adamlary birleşdirýän bir düşünje. Islendik edara-kärhana, islendik önümçilige, hatda öý hojalyk işlerini ýerine ýetirmäge hem işgär gerek bolup durýar. Ýa-da bolmasa hünär-başarnygy bolan adamlarda özüne laýyk iş tapmak zerurlygy ýüze çykýar. Bu ýagdaýda häzirki döwürde internet ulgamy has işjeň häsiýete eýe bolýar. Asmanexpress-yñ içinde Asmanjobs bölümi bu işi has-da ýeňilleşdirdi.

Asmanjobs — bu iş gözlemek üçin onlaýn platforma bolup, onda ulanyjylar özüne laýyk boş iş orunlaryny tapyp, şeýle hem öz hünärleri barada maglumaty aňsatlyk bilen ýerleşdirip bilerler.
Iş berijiniň hem, iş gözleýäniň hem özüne ýeterlik talaplary bolýar. Asmanjobs-da iş beriji özüne gerek işgäriň aýratynlyklaryny ýazyp bilýär, şol bir wagtda iş gözleýän adam hem başarýan işlerini, garaşýan hakyny ýazyp bildiriş çykaryp bilýär.

Islendik adam platformada iş we işgär gözlemekde üçin bildirişi mugt ýerleşdirip biler.

Asmanjobs-da iş gözlemegiň birnäçe usuly bar:

  1. Gözleg meýdançasyna gerek işiň adyny ýazyp bolýar;
  2. Kategoriýalar boýunça gözleg — IT, Internet, awtoulag işi, dolandyryş işi, banklar, maýa goýumlary, tejribesiz, hasapçylyk/maliýe, ýokary dolandyryş, döwlet gullugy, öý işgäri, jemgyýetçilik hyzmatlary, sungat/güýmenje, maslahat beriş, eltip beriji, marketing/mahabat/PR, lukmançylyk/derman önümleri, satyş, bilim/ylym, gözegçi/howpsuzlyk, önümçilik/çig mal/oba hojalygy, gurluşyk, taksi, ulag-logistika, syýahatçylyk/restoran, işgärleri dolandyrmak, fitnes/gözellik salonlary;
  3. Ykjam goşundysy karta boýunça işlejek ýeriňi saýlamaga mümkinçilik hödürleýär. Meselem: iş ýeriňizi kartada yzarlap görüp bolýar we özüňiz üçin ýaşaýan ýeriňize ýakyn ýerleri sazlap bilersiňiz. Bu şertler hem uly ýeňillik we amatlylygy görkezýär.

Şeýle hem Asmanjobs-da öz adyňa profil döredip, täze çykan boş iş orunlary barada maglumatlary alyp hem bolýar. Dürli welaýatlarda iş gözleýänler üçin bu diýseň amatlydyr.
Mundan başga-da, Asmanexpress-de 19 l arassalanan agyz suwuny 10 MINUTDA eltip bermek boýunça Arassa Asman täze önümi hem hödürlenilýär.
Täzelikleri yzarlaň, ykjam goşundynyň täzelenen görnüşini ýükläp alyň hem-de ýokary hilli hyzmatdan lezzet alyp, jemi 100 manat möçberinde kupon hökmünde bonus gazanyň!

Asmanexpress onlaýn tehnologik platformasy ýakynda ähli ulanyjylary üçin utulyşsyz lotereýa yglan etdi we baş baýragy awtomobil bolan 151 sany sowgatly bije goýdy. Diňe agza bolanyňyz üçin size utuş petegi berilýär. Utuş biletiňizi profiliňizde ýa-da Asmanshop bölüminde "Kuponlar, Kampaniýalar" düwmesinde alyp bilersiňiz. Bu lotereýa barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.

Asmanexpress – pikir edişiňdenem ÇALT!

Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:

+99361282393/+99364 755997
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......