Türkmenistanyň wekiliýeti Bangkokda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyna gatnaşdy

  • 09.07.2023 11:05
  • 6.7k+

8-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tailandyň paýtagty Bangkokda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.

Baş Assambleýanyň işine Milli Olimpiýa Komitetleriň 45 sany wekiliýeti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýar.
Gün tertibe laýyklykda, Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça Geňeşiň alyp barýan işlerine, şol sanda, geçiriljek çäreler bilen bagly meselelere seredilýär.
Şeýle hem Baş Assambleýanyň çäklerinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidentiniň we Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň täze prezidenti wezipesine dört ýyl möhlet bilen Geňeşiň komitetiniň ýolbaşçysy Şeýh Talal Fahad Al-Ahmad Al-Sabah saýlandy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....