Özbegistanda prezident saýlawlaryna 19,5 milliondan gowrak saýlawçy hasaba alyndy

  • 09.07.2023 10:53
  • 8.6k+

9-njy iýulda möhletinden öň geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin Özbegistanda 19,5 milliondan gowrak saýlawçy hasaba alyndy. Bu barada respublikanyň Merkezi saýlaw komitetiniň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew brifingde habar berildi.

Ol: "Saýlaw okruglarynyň sanawyna girizilen saýlawçylaryň umumy sany 19,593 million adam boldy" - diýdi. Mundan ozal, MSK 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen prezident saýlawlaryna 21 milliondan gowrak saýlawçynyň hasaba alnandygyny habar beripdi.

8-nji maýda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew möhletinden öň prezident saýlawlarynyň geçirilmegine rugsat berýän kanuna gol çekdi we öz karary bilen ony 9-njy iýulda geçirmegi belledi.
30-njy aprelde Özbegistanda prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýan we Mirziýoýewe yzygiderli iki möhletden soň bu wezipä gaýtadan saýlanmagyna mümkinçilik berýän Konstitusiýanyň täze görnüşi boýunça ählumumy sala salşyk geçirilipdi. 


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

18.06.2026 22:09
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......