Ýewrowideniýe – 2024 Şwesiýanyň Malmýo şäherinde geçiriler

  • 09.07.2023 00:32
  • 3.6k+

«Ýewrowideniýe» halkara aýdym-saz bäsleşigi 2024-nji ýylyň maý aýynda Şwesiýanyň Malmýo şäherinde geçiriler. Bu barada guramaçylar habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.

“Malmýo 2024-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek 68-nji “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň şäher guramaçysy saýlandy” – diýlip, bäsleşigiň resmi saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, Malmýonyň arenasynda bäsleşigiň grand-finaly şenbe güni, 11-nji maýda, ýarym finallar sişenbe güni, 7-nji maýda we penşenbe güni, 9-njy maýda geçiriler.
Malmýo bäsleşigi üçünji gezek kabul eder, öň ol bu ýerde 1992-nji we 2013-nji ýyllarda geçirildi. Şwesiýanyň özi bäsleşigi ýedinji gezek kabul eder: Malmýodan başga-da, “Ýewrowideniýe” 1975-nji, 2000-nji we 2016-njy ýyllarda Stokgolmda we 1985-nji ýylda Gýoteborgda geçirildi.
Şwesiýa bäsleşigi geçirmek hukugyny şu ýylyň maý aýynda aýdymçy Lorin “Tattoo” aýdymy bilen ýeňiji bolandan soň gazandy. Öň, Lorin 2012-nji ýylda “Euphoria” aýdymy bilen “Ýewrowideniýäniň” ýeňijisi bolupdy .
“Ýewrowideniýe” 1956-njy ýyldan bäri geçirilýär. 2015-nji ýyldan bäri bäsleşige Awstraliýa gatnaşýar.


01.04.2026 11:20
1.8k+

«Ýewrowideniýe» Aziýada ilkinji aýdym-saz bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi

Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi «Ýewrowideniýe Aziýa» atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň döredilýändigini mälim etdi. Bäsleşigiň final tapgyryny 14-nji noýabrda Bangkokda geçirmek meýilleşdirilýär....

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

16.01.2026 16:52
1.8k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň finaly üçin petekler 14 minutda satylyp gutardy

Wenada (Awstriýa) geçiriljek şanly 70-nji «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşigi üçin petekler rekord derejeli gysga wagtda satylyp gutardy. Final üçin petekler satuw başlanyndan soň bary-ýogy 14 minutda, ýarym finallar we şou-prewýu üçin petekler bolsa 20 minutyň içinde diýen ýaly satyldy diýip, Deutsche Welle habar berýär...