ABŞ-da Alsgeýmer keseline garşy ilkinji derman serişdesi tassyklandy

  • 08.07.2023 11:39
  • 7.9k+

ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) diňe bir Alsgeýmer keseliniň alamatlary bilen göreşmän, eýsem onuň ösüşini haýallatmaga mümkinçilik berýän ilkinji derman serişdesi bolan “Lekanemabyň” (täjirçilik ady Leqembi) ulanylmagyny gutarnykly tassyklady. Bu barada edaranyň metbugat relizinde habar berilýär.

“Şu günki çözgüt [derman serişdesiniň gutarnykly tassyklanmagy] Alsgeýmer keseline garşy dermanyň kliniki netijeliligi görkezendigi üçin kabul edildi” – diýip, FDA-nyň newrologiki derman serişdeleri bölüminiň başlygy Tereza Burakkio belledi. Ol edaranyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen goşmaça barlaglaryň irki tapgyrda bu keselden ejir çekýän adamlar üçin derman serişdesiniň howpsuzlygyny we netijeliligini tassyklandygyny aýtdy. Hassalaryň bu kategoriýasy Alsgeýmer keseli bolan adamlaryň umumy sanynyň, takmynan, altydan bir bölegini düzýär. ABŞ-da bu keselden 6,5 milliondan gowrak adam ejir çekýär.

Alsgeýmer keseli ýuwaş-ýuwaşdan ýady ýitirýär we akyl başarnyklarynyň peselmegine getirýär, soňra hassalar “iň ýönekeý ýumuşlary ýerine ýetirmek” mümkinçiligini ýitirýärler diýip, FDA-nyň metbugat relizinde bellenilýär. Onuň anyk sebäpleri belli däl, ýöne ol neýronlaryň ölmegine we neýron baglanyşyklarynyň bozulmagyna getirýän adam beýnisindäki üýtgemeler bilen baglanyşyklydyr.


düýn 12:32
4.4k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......