Toyota täze Land Cruiser Prado-nyň ilkinji suratyny neşir etdi

  • 08.07.2023 11:27
  • 31k+

Toyota täze Land Cruiser Prado wnedorožniginiň ilkinji suratyny çap etdi. Has takygy, suratda birbada iki sany Land Cruiser bar: çep tarapda geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň modeli, sagda premýerasy ýakyn wagtda boljak döwrebap görnüşi.

Düýbünden dürli nesilleriň bu modellerini näme birleşdirýär? Ondan öň Toyota iň täze Land Cruiser Prado-yň 60-70-nji ýyllaryň Land Cruiser stilinde öndüriljekdigini habar beripdi. Dizaýny öňünden "görene göz edip" ýörmek islemediler, şonuň üçin suratda ýaşyp barýan Günüň şöhlelerine onuň diňe sudury görkezilýär.
Täze Land Cruiser Prado ýaňy-ýakynda hödürlenen Lexus GX-iň “kiçi dogany” bolar. Bu Lexus burçlurak we amatly bolup çykan bolsa, Prado nazaryýetine seretseň has ýönekeý bolmaly, ýöne bu diňe wizual planda şeýle. Tehniki taýdan wnedorožnik häzirki nesliň modelinden zyýada, şol sanda geçijilik ukyby hem ýokary bolar. Ol TNGA-F platformasynda gurlar we agyr ýol üçin Overtrail wersiýasyna meňzeş bolar. Mundan başga-da, ýoluň çynlakaý kyn şertlerinde tüýs gerekli bolup biljek berkidilen podweskasy we esasanam amatly oturgyçlary bar.
Täze Land Cruiser Prado-yň premýerasy ýakyn aýlarda bolar, 2024-nji ýylda satuwa çykarylar. Görnüşine görä, bu ilki ABŞ-da, soň bolsa Ýewropada bolar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......