Yslam ösüş bankynyň prezidentiniň Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat beren kitaby tanyşdyryldy

  • 07.07.2023 11:17
  • 18k+

6-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Saud Arabystany Patyşalygyna sapary wagtynda Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohammad Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen «Yslam ösüş banky we doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, ugurdaş döwlet düzümleriniň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Çykyşlarda Yslam ösüş bankyna agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösüşi hakynda anyk maglumatlara üns çekilip, söwda-ykdysady häsiýetli, ilkinji nobatda, ählumumy derejeli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen maýa goýum syýasaty babatda alnyp barlan bilelikdäki işlere giňişleýin syn berildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň belleýşi ýaly, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan başlap, bu bank tarapyndan Türkmenistandaky taslamalaryň 26-sy maliýeleşdirildi. Şol taslamalar ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolup, olar lukmançylyk we saglygy goraýyş, suw hojalygy, demir we derýa ýollary, telekommunikasiýalar, gaz geçiriji infrastrukturalar ýaly ugurlary öz içine alýar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň çykyşlaryna hem giň orun berildi.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......