Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda mekdepleri, çagalar baglaryny we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi

  • 07.07.2023 11:06
  • 23k+

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda desgalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. bäsleşik «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Meýilnama laýyklykda, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda her biri 320 orunlyk 9 sany çagalar bagyny, her biri 720 orunlyk 5 sany umumybilim berýän mekdebi, bäş gatly, her biri 30 öýli 36 sany ýaşaýyş jaýyny, bäş gatly, her biri 40 öýli 36 sany ýaşaýyş jaýyny, ýedi gatly, her biri 42 öýli 24 sany ýaşaýyş jaýyny, dokuz gatly, her biri 54 öýli 14 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri şäheriň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda 2023-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 52-55-71.
E-mail: adk@sanly.tm


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
7.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
6.7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......