Twitter-iň analogy bolan Threads AppStore-dan ýükläp almak üçin elýeterli boldy

  • 06.07.2023 23:15
  • 7.3k+

Meta korporasiýasynyň Twitter analogy bolan Threads goşundysy ABŞ-nyň Gündogar kenar wagty bilen sagat 19:00-da (6-njy iýulda aşgabat wagty bilen sagat 04:00-da) AppStore dükanyndan ýükläp almak üçin elýeterli boldy.

Mundan ozal, AppStore-daky mowzuklaryň düşündirişi ulanyjylaryň goşundyny 6-njy iýuldan ýükläp alyp biljekdigini görkezýärdi. Kompaniýa soňra çarşenbe güni gije tamamlanan hasabatynda başgaça görkezdi. TASS-yň habarçysynyň tassyklamagyna görä, bu goşundyny eýýäm Apple kompaniýasynyň enjamlarynda göçürip alyp bolýar, oňa Instagram hasaby ulanyp rugsat bermek teklip edilýär.
Programmanyň düşündirişinde bellenilişi ýaly, Threads ähli aladalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin "jemgyýetçiligiň ýygnanýan ýeri" bolar. Ulanyjylara pikirdeş adamlary bilen gyzyklanmaga we olar bilen aragatnaşyk saklamaga, başlangyçlary, pikirleri we döredijiligi paýlaşmaga çagyrylýar.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....